SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi wekilçilik etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Ýokary we iň ýok...
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady. Soňra bu ýerdäki ýokary derejeli my...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar d...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallala...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17–18-nji oktýabrynda Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň möhüm n...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasy...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ynsanperwer meselele...