img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
State of Qatar - Doha
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hökümet wekilleri, şol sanda ministrler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti şol gün forumyň çäginde geçirilen ministrler derejesindäki maýa goýumlar baradaky sessiýa gatnaşdy. N.Agahanow özüniň çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada belläp geçdi. Mundan başgada Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi barada nygtaldy.